Хелпикс

Главная

Контакты

Случайная статья





Türkmen halkynyň şöhratly taryhy



 

Meyilnama:

1. Milli taryhy-medeni mirasymyzy gorap saklamakda esasy wezipeler

2. Tü rkmen halkynyň ş ö hratly taryhy

3. Syý ahatç ylyk

4. Turkmenistanda sportuň tutý an orny

 


 

Milli taryhy-medeni mirasymyzy gorap saklamak iş indä ki esasy wezipeler Tü rkmenistanyň bar bolan taryhy we medeni ý adygä rlikleriniň dö wlet goraglylygynyň ü pjü n edilmeginden, olaryň ö wrenilmeginden we dikeldiş -konserwasiý a iş lerinden ybaratdyr.

Hä zirki wagtda Tü rkmenistanyň paý tagtynda we ä hli welaý atlarynda muzeý leriň 30-a golaý y hereket edý ä r. Aş gabatda diň e soň ky ý yllarda Tü rkmenistanyň S. Tü rkmenbaş y adyndaky Milli muzeý i, Tü rkmenistanyň Ş ekillendiriş sungaty muzeý i, Saparmyrat Tü rkmenbaş ynyň Milli medeni merkeziniň Prezident muzeý i gelip gö rý ä nler ü ç in ö z gapylaryny giň den aç dy. Aý dylyp geç ilenlerden baş ga-da ý urtda ö rä n wajyp ä hmiý etli muzeý leriň enç emesi – Ahal welaý atynda Tü rkmenistanyň „Ak bugdaý “ milli muzeý i, Tü rkmenistanyň Merkezi bankynyň ý anyndaky Milli gymmatlyklaryň muzeý i, Gurbansoltan eje adyndaky Tü rkmen halysynyň muzeý i aç yldy.

Tü rkmenistanyň Hö kü metiniň ý ö rite kararyna laý yklykda ý akyn wagtda Kö petdagyň etegindä ki gö zel kü njekde iň iri muzeý ler toplumy dö rediler, Mary, Tü rkmenabat we Balkanabat ş ä herlerinde welaý at taryhy ö wreniş muzeý leriniň tä ze, dö wrebap binalary gurlup, ulanylmaga berler.

Ý urduň teatr sungatyna hem mynasyp derejede ü ns berilý ä r. Teatr iş gä rleri tä ze, ä hli amatlyklary bolan sungat ö ý lerinde dö redijilikli iş lemä ge mü mkinç ilik aldylar. Tä ze gurlan we durky tä zelenen teatrlaryň dö wrebap, kaş aň ymaratlary paý tagtyň we welaý at merkezleriniň arhitektura keş biniň ü stü ni ý etirdi.

Ý erli kö pç ü likleý in habar beriş seriş deleriniň mü mkinç ilikleri hem barha artdyrylý ar, kö pç ü likleý in elektron habar beriş seriş deleriniň, hususan-da, telewideniý ä niň we radionyň iş i kä milleş dirilý ä r, olaryň maddy-tehniki biný ady berkidilý ä r. Iň tä ze enjamlar satyn alnyp, bu ulgamyň dö wrebaplaş dyrylmagy ü ç in dü ý pli maý a goý umlary sarp edilý ä r.

Neş irý at-ç aphana iş i yzygiderli ö sdü rilý ä r, gü ndelik ç ap edilý ä n gazet-ž urnallar bilen bir hatarda neş ir edilý ä n ç eper we okuw edebiý atynyň gö wrü mi giň eldilý ä r.

Tü rkmen halkynyň ş ö hratly taryhy

Arheologik gazuw-agtaryş iş leriniň netijesinde Tü rkmenistan ö zü niň baý mirasy bilen bü tin dü ný ä de meş hurlyk gazandy, bä ş inji - henize ç enli belli bolmadyk Margiana medeniý etiniň aç ylmagy gadymy dü ný ä taryhyna tä zeç e garamaklyga itergi berdi. Gadymy Merw, Kö neü rgenç we Nusaý ý aly taryhy-medeni ý adygä rlikler UNESCO-nyň tebigy we medeni mirasynyň Bü tindü ný ä sanawyna goş uldy.

Tü rkmenistanyň taryhy we medeni ý adygä rlikleri dü ný ä medeniý etiniň aý rylmaz bö legi bolup durý ar. Milli taryhy-medeni mirasymyzy gorap saklamak we dikeltmek iş lerine aý ratyn ä hmiý et berilý ä r. Soň ky ý yllarda Abul Fazlyň mawzoleý i, Ý olö ten etrabyndaky Talhatan babanyň metjidi, Dehistanyň minaralary, Atamyrat etrabyndaky Alamberdaryň mawzoleý i we beý lekiler ý el-ý agmyryň astynda ý ok bolup gitmekden goralyp, bu ý adygä rliklerde dikeldiş iş leri geç irildi. Iň ä hmiý etli ş ä her toplumlarynyň ý erleş en ý erleri Dö wlet taryhy-medeni goraghanalary diý lip yglan edildi. Olaryň hataryna aş akdakylar degiş lidir:

- Nusaý – Kö petdagyň eteginde ý erleş ý en gadymy ş ä her (Ahal welaý aty). Bu ş ä her Parfiý a imperiý asynyň (b. e. ö. III asyr – b. e. III asyry) ilkinji paý tagtlarynyň biri bolup, gadymy eý ý amyň dö wlet gurluş larynyň iň irileriniň hataryna girý ä r. Kö ş k we ybadathana desgalarynyň toplumyny ö zü nde jemlä n Nusaý da gazna, ä girt uly suw howdany we ummasyz gorlary saklaý an ammarlar ý erleş ipdir. Galanyň diwarlary 8-9 metr galyň lykda bolup, 43 sany gö niburç diň ler bilen goralypdyr.

- Gadymy Merw (Mary welaý aty) – Orta Aziý anyň iň gadymy ş ä herleriniň biri. Ol Baý ramaly ş ä heriniň golaý ynda ý erleş ip, iň gadymy medeniý etleriň biri bolan Margiana medeniý etiniň bö legi bolupdyr. Eger-de ozal gadymy medeni merkezleriň dö rdü si (Mesopotamiý a, Mü sü r, Hindistan we Hytaý ) belli bolan bolsa, indi ş olar ý aly bä ş inji medeniý et hö kmü nde Margiana ykrar edilendir. Merkezi Aziý anyň meý dany boý unç a iň uly arheologik desgalarynyň biri bolan bu ý erde gadymy ş ä herleriň birnä ç esi (Erikgala, Gä wirgala, Abdyllahan galasy, Baý ramaly galasy) saklanyp galyp, olar boý unç a bu meş hur ş ä heriň gadymy dö wü rlerden tä giç ki orta asyrlara ç enli taryhy ý erleş iş ini ö wrenmek kyn dü ş meý ä r. Gadymy Merwiň iň tä sin arhitektura ý adygä rlikleriniň arasynda Uly we Kiç i Gyzgalany, Muhammet ibn-Zeý diň we Ashablaryň mawzoleý lerini, Hoja Ý usup Hemedanynyň metjidini we alymlaryň biragyzdan ykrar etmegi bilen Gü ndogaryň orta asyrlar arhitekturasynyň gö wher nusgasy hasaplaný an Soltan Sanjaryň aramgä hini gö rkezmek bolar.

Merwde Al Horezmi, Omar Haý ý am, as-Samani, Enweri ý aly orta asyrlaryň beý ik pä himdarlary ý aş ap we dö redip geç diler. Arheologik barlaglaryň netijesinde Merwiň biziň eý ý amymyzdan ö ň ki VII asyrda Erikgalanyň ý erleş en ý erinde dö rä ndigi anyklanyldy.

- Kö neü rgenç (Daş oguz welaý aty) – geç miş de Demirgazyk Horezmiň gadymy paý tagty bolup, biziň eý ý amymyzyň I asyrynda dö rä ndir. VIII asyryň ortalarynda araplar tarapyndan basylyp alyný ar, 995-nji ý ylda Gü rgenç diý lip tä ze at berilý ä r we horezm ş alarynyň rezidensiý asyna ö wrü lý ä r. Orta asyrlaryň iri medeni we sö wda merkezi. Beý ik ensiklopediý aş y Abu Reý han Muhammet ibn-Ahmet al Biruny (973-1050-nji ý yllar) we Gü nbatarda Awisenna ady bilen meş hur bolan tebigaty ö wreniji, ajaý yp lukman we pelsepeç i Abu Ali ibn Sina (980-1037-nji ý yllar) bu ş ä heriň buý sanjyna ö wrü lendir. Kö neü rgenç birnä ç e gezek ý ykylý ar - 1221-nji ý ylda rehim-ş epagatsyz Ç ingiz hanyň ý olbaş ç ylygy astyndaky mongol-tatar ordasy we 1338-nji ý ylda ganojak Teý mirleň iň goş uny tarapyndan dü ý pli berbatç ylyga sezewar edilý ä r. Ş oň a gö rä -de Kö neü rgenjiň ý adygä rlikleriniň aglabasy biziň gü nlerimize dü ý pli zeper ý eten ý agdaý ynda gelip ý etdi, emma muň a garamazdan, Tö rebeg Hanymyň (XIV asyr), Soltan Tekeş iň (XII asyr), Il Arslanyň (XII asyr) mawzoleý leri, Gutluk Timuryň minarasy (XI-XIV asyrlar) we beý leki saklanyp galan ý adygä rlikler gö renleri haý rana galdyrý ar.

Bu gü nki gü n Kö neü rgenç dü ný ä niň dö rt kü njeginden gelý ä n syý ahatç ylary diň e bir arhitektura ý adygä rlikleri - ö z dö wrü niň iň belent desgasy bolan, beý ikligi 60 metre barabar gadymy minarasy (XI asyr) ý aly ajaý yp ymaratlary bilen ö zü ne ç eký ä n taryhy ý adygä rlikleriň toplumy bolmak bilen ç ä klenmä n, eý sem musulmanlar ü ç in zyý arata geliný ä n keramatly toprakdyr. Kö neü rgenjiň beý ik ş ahsyý etleri halkyň hakydasyndan ö ç mä n, olaryň ý adygä rlikleri bu keramatly ş ä herde dü rli dö wü rlerde bina edilen aramgä hleriň gaý talanmajak arhitektura keş binde sungat eseri hö kmü nde saklanyp galypdyr. Il arasynda „Ü ç ý ü z altmyş ö wlü ý ä “ diý lip atlandyrylý an, Nejmeddin Kubranyň musulman dü ý ä siniň kö pç ü likleý in zyý arat merkezine ö wrü len keramatly toplumyny hem olaryň hataryna goş mak bolar.

- Atamyrat ş ä heri (ozalky Kerki) – gadymy ady Zemm bolup, Amyderý anyň kenarynda ý erleş ipdir (Lebap welaý aty). Zemm hakyndaky iň irki ý atlamalar VII asyryň baş laryna degiş lidir. Ş ä herde arheologik ý adygä rlikleriň ikisinyň harabalygy saklanyp galyp, olaryň biri 1917-nji ý yla ç enli kerki beginiň galasy hö kmü nde hyzmat eden „Begiň galasy“, ikinjisi bolsa kuş an-sasanidler dö wrü nde hem bar bolan „Rus galasy“-dyr. XIX asyryň aý aklaryna bu ý erden tapylan altyn we kü mü ş teň ň eleriň arasynda sasanidler ş asy Warahra Bä ş injiniň (biziň eý ý amymynyň 420-438-nji ý yllary) kü mü ş teň ň eleri hem bardyr. Gadymy Zemmiň iň gö rnü kli ymaratlaryna Astana Babanyň (birnä ç e asyrlaryň dowamynda bu tä sin desgalar toplumynyň enç eme gezek durky tä zelenip, onuň bilen ý anaş yk goş maç a desgalar gurlandyr) we Alamberdaryň (Demirgazyk Horasanyň saklanyp galan desgalarynyň iň irisi) mawzoleý leri degiş lidir.

- Gadymy Dehistan (Balkan welaý aty) – takmynan biziň eý ý amymyzdan ö ň ki III mü ň ý yllykda dö rä ndir. Orta asyr Dehistanynyň iri ý adygä rligi bolan Misserian ş ä heri Horezm ş alarynyň hö kü mdarlygynyň gü llä p ö sen dö wrü ni baş dan geç irý ä r. Dehistanyň ş ä her medeniý etiniň juda ö sen derejede bolandygyna rejeli, suw ü pjü nç iligi we lagym ulgamlary, hammamlary, kö prü leri we ş uň a meň zeş desgalary bolan jebis ý aş aý yş jaý larynyň yzlary gü wä geç ý ä r. Dehistanda mongollardan has irki dö wre degiş li bolan medrese hem bolupdyr.

- Gadymy Sarahs (Ahal welaý aty) – Tejen derý asynyň ý okary baş yndaky gadymy ş ä her. Sarahs oazisine gö ç ü lip gelinmegi eneolit dö wrü nde (biziň eý ý amymyzdan ö ň ki IV mü ň ý yllyk) baş laný ar. Ö zü niň bar bolan tutuş taryhynda Sarahs gü llä p ö sü ş we pese gaç yş dö wü rleriniň enç emesini baş dan geç irdi.

Ol hemiş e dö wlet gurluş laryny hä li-ş indi ç alş yp duran (Ahemenidler imperiý asy, Grek-Baktriý a ş alygy, Parfiý a imperiý asy, Sasanidler imperiý asy, Tahiridler dö wleti, Gaznalylaryň we Seljuklaryň imperiý alary we beý lekiler) sebitiň iň ä hmiý etli we esasy ş ä herleriniň biri bolupdyr. Sarahsa ş an-ş ö hrat getiren esasy zat – XI-XII asyrlarda hereket eden, tutuş Orta Gü ndogarda ý eke-tä k arhitektura mekdebidir. Sarahsly gurluş ykç y ussalaryň meş hurlygy juda uly bolup, ö zboluş ly desgalary gurdurmak ü ç in olary Eý ranyň we Merkezi Aziý anyň dü rli ş ä herlerine ç agyrypdyrlar.

Tü rkmen topragy hä zir hem arheologlaryň, taryhç y-gü ndogarş ynaslaryň aý ratyn ü nsü ni ö zü ne ç eký ä r, sebä bi ol ö z goý nunda aç ylmadyk syrlaryň giden tapgyryny saklap otyr. Bu gadymy topragyň medeni we taryhy ý adygä rliklerini ö wrenmek ü ç in entek hem oný yllyklaryň enç emesi gerek bolar.



  

© helpiks.su При использовании или копировании материалов прямая ссылка на сайт обязательна.